«Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň düzümine jemi bellenen kuwwatlylygy 6 511,2 MWt bolan 12 sany döwlet elektrik stansiýasy, 6 sany önümçilik birleşigi, “Türkmenenergoabatlaýyş” ýöriteleşdirilen önümçilik birleşigi, Şäheri yşyklandyryş müdirligi, “Döwletenergogözegçilik” kärhanasy, “Energoüpjünçilik” kärhanasy girýär.

Hindiguş gidroelektrik stansiýasy

Türkmenistanyň ilkinji elektroenergetika desgasy bolan Hindiguş gidroelektrik stansiýasy 1913-nji ýylda Murgap derýasynyň kenarynda guruldy. Güýjenmesi 16,5 kW, uzynlygy 38,7 km bolan elektrik geçirijili elektrik stansiýasynda Awstro-Wengriýanyň “Gans” kompaniýasynyň her biriniň kuwwatlylygy 400 kWt bolan, jemi kuwwatlylygy 1,2 MWt-a deň bolan...

Büzmeýin döwlet elektrik stansiýasy

Büzmeýin döwlet elektrik stansiýasy 1957-nji ýylda ulanyşa girizildi. Bu desga Türkmenistanda şol döwürde ilkinji iri elektrik stansiýasydy. Onuň düzümine jemi kuwwatlylygy 173 MWt bolan 7 sany bug turbina desgalary girýärdi. Häzirki wagtda agzalan ýedi sany turbinalar moral we fiziki taýdan...

Aşgabat döwlet elektrik stansiýasy

Aşgabat döwlet elektrik stansiýasy 2006-njy ýylda ulanyşa girizildi. Ol Aşgabadyň günorta böleginde ýerleşýär. Bu ýerde jemi kuwwatlylygy 254,2 MWt bolan iki sany gaz turbina desgasy gurnalan. Elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi Aşgabat şäheriniň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berdi. 2016-njy...

Ahal döwlet elektrik stansiýasy

Ahal döwlet elektrik stansiýasy 2010-njy ýylda işe girizildi. Onda 254,2 MWt-a deň bolan iki sany gaz turbina desgasy gurnaldy. Ahal DES-niň gaz turbinalary diňe tebigy gazda işlemän, dizel ýangyjynda hem işleýärler. Bu elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi Aşgabat şäheriniň we Ahal...

Awaza döwlet elektrik stansiýasy

Awaza döwlet elektrik stansiýasy 2010-njy ýylyň 12-nji aprelinde işe girizildi. Onda jemi kuwwatlylygy 254,2 MWt-a deň bolan iki sany gaz turbinasy gurnaldy. Olar hem tebigy gazda we dizel ýangyjynda işläp bilýärler. Taslama boýunça gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygyndan daşary güýjenmesi...