«Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň düzümine jemi bellenen kuwwatlylygy 6 511,2 MWt bolan 12 sany döwlet elektrik stansiýasy, 6 sany önümçilik birleşigi, “Türkmenenergoabatlaýyş” ýöriteleşdirilen önümçilik birleşigi, Şäheri yşyklandyryş müdirligi, “Döwletenergogözegçilik” kärhanasy, “Energoüpjünçilik” kärhanasy girýär.

Türkmenbaşy ýylylyk elektrik merkezi

Türkmenbaşy ýylylyk elektrik merkezi 1963-nji ýylda ulanyşa girizildi. 1984-nji we 1986-njy ýyllarda hersiniň kuwwaty 210 MWt bolan iki sany energoblok guruldy. Ýylylyk elektrik merkezi deňiz suwunda işleýän özboluşly elektrik stansiýasy bolup, bug gazanlarynda ulanylýan suw iki sany senagat bugardyjy desgasynyň...

Watan döwlet elektrik stansiýasy

Watan döwlet elektrik stansiýasy 2016-njy ýylyň iýul aýynyň 7-ne Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynda işe girizildi. Bu elektrik stansiýasynda jemi kuwwatlylygy 254 MWt-a deň bolan iki sany gaz turbinasy gurnaldy. Elektrik stansiýasynyň gurulmagy Lebap welaýatynyň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiligini gowulandyrdy.

Balkanabat döwlet elektrik stansiýasy

Balkanabat döwlet elektrik stansiýasy 2003-nji ýylda işe girizildi. Onda umumy kuwwatlylygy 126,4 MWt-a deň bolan 3 sany gaz turbina desgasy gurnaldy. Balkan welaýatynyň batly depgin bilen ösýän nebitgaz we himiýa toplumlaryny elektrik togy bilen ygtybarly üpjün etmek üçin 2010-njy ýylda...

“Ahalenergo” önümçilik birleşigi

“Ahalenergo” önümçilik birleşigi Ahal welaýatynyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek maksady bilen elektrik ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek, täze energetika desgalaryny gurmak, welaýatyň çäklerinde ýerleşýän energetika desgalarynyň işine gözegçilik etmek işlerini ýerine ýetirýär. Önümçilik birleşiginiň düzüminde 4 sany...

“Aşgabatenergo” önümçilik birleşigi

“Aşgabatenergo” önümçilik birleşigi Аşgabat şäheriniň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek maksady bilen elektrik ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek, täze energetika desgalaryny gurmak, şäheriň çäklerinde ýerleşýän energetika desgalarynyň işine gözegçilik etmek işlerini ýerine ýetirýär. Önümçilik birleşiginiň düzüminde 4 sany...