Balkanabat döwlet elektrik stansiýasy 2003-nji ýylda işe girizildi. Onda umumy kuwwatlylygy 126,4 MWt-a deň bolan 3 sany gaz turbina desgasy gurnaldy. Balkan welaýatynyň batly depgin bilen ösýän nebitgaz we himiýa toplumlaryny elektrik togy bilen ygtybarly üpjün etmek üçin 2010-njy ýylda Balkanabat döwlet elektrik stansiýasynda jemi kuwwaty 254,2 MWt bolan iki sany gaz turbina desgasy işe girizildi. Bu desgalaryň işe girizilmegi bilen Balkanabat döwlet elektrik stansiýasynyň bellenen kuwwatlylygy 380,6 MWt-a deň boldy.