„Energoüpjünçilik“ kärhanasy Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň özbaşdak gurluş bölümi bolup, özbaşdak ýüridik şahs hasaplanýar. „Energoüpjünçilik“ kärhanasy 2002-nji ýylda döredildi.
Kärhananyň esasy wezipesi: Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň kärhanalaryny elektrotehniki enjamlary, kabel önümleri, ätiýaçlyk şaýlary, metal önümleri, himiýa önümleri we Türkmenistanyň elektrik stansiýalarynyň we elektrik ulgamlarynyň üznüksiz işlemegi üçin zerur bolan beýleki enjamlar bilen üpjün etmek.
Kärhananyň eýeçiliginde Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Oguzhan köç., 2 „a“ jaýynda ýerleşýän 7 gektara barabar bolan haryt saklanýan bazasy bar.
Kärhananyň bazasynda dürli görnüşde 13 ammar ýerleşýär.
Kärhanada 94 adam zähmet çekýär.