Ministirlik barada

Türkmenistanyň Energetika ministrligi 2012-nji ýylda döredilip öz içine “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasyny, “Türkmenenerogurluşyk” konsernini, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyny we onuň tabynlygyndaky “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkezini, “Türkmenenergotaslama” institutyny, Maýa goýum we tehnologiýa taslamalarynyň döwlet seljeriş müdirligini, Energohyzmat birleşigini, Aşgabat Energetika orta hünär okuw mekdebini we Mary şäherindäki 2-nji başlangyç hünär okuw mekdebini alýar. Türkmenistanyň Energetika ministrligi elektrik energetikasy babatda döwlet düzgünleşdirişini amala aşyrýan merkezi edara bolup durýar.

Hyzmatdaşlarymyz