Energetika senagaty – milli ykdysadyýetiň möhüm ähmiýetli pudaklarynyň biridir. Ýurdy mundan beýläk-de ösdürmegiň barşynda, geljekde elektrik energiýasynyň zerur möçberiniň artjakdygyny göz öňünde tutmak arkaly, “Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 – 2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasy” kabul edildi. Şonuň çygrynda ata Watanymyzň ähli welaýatlarynda täze elektrik stansiýalary guruldy, ýokary woltly elektrik geçirijileri çekildi. Şunuň ýaly ösüşi gazanmagyň netijesinde, içerki sarp ediş islegini bütinleý kanagatlandyrmak we türkmen elektrik energiýasyny eksport etmek üçin mümkinçilik döredildi.
“Türkmenenergotaslama” institutynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülýän taslama-çenlik resminamalary elektroenergetika pudagyndaky gurluşyk üçin esas bolup hyzmat edýär. 1992-nji ýylyň 1-nji aprelinde döredilen pursadyndan başlap, häzirki wagtda-da taslama institutynda taslamalary toplumlaýyn düzmek boýunça örän baý tejribe toplandy. Institut energetika pudagynyň möhüm düzümi bolup durýar, onda inžener-gurluşykçylar, inžener-energetikler we ykdysatçylar - gurluşyk we energetika boýunça ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary işleýärler.
“Türkmenenergotaslama” institutynyň işiniň görnüşleri:
Taslamalaryň hili birnäçe ýagdaýlar arkaly kesgitlenýär. Aşakda görkezilenler möhüm ähmiýetli ýagdaýlar diýlip hasaplanýar:
2019-njy ýylda “Türkmenenergotaslama” instituty Türkmenistanyň energetika ulgamynyň halkalaýyn düzüminiň taslamasyny düzmek boýunça uly işleri ýerine ýetirdi, bu düzüm podstansiýalardan hem-de 220 kW we 500 kW barabar güýjenmeli elektrik geçirijilerden ybaratdyr hem-de diňe bir Aşgabat şäherini däl-de, tutuş ýurdumyzy gurşap alýar.
Ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak we ykdysadyýeti pugtalandyrmak üçin, elektroenergetika ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de bizde bar bolan ähli serişdelerden peýdalanmagyň ugurlary işlenip düzülmelidir. Günüň we ýeliň energiýasyny ulanmak arkaly, elektrik energiýasyny işläp çykarmagyň alternatiw çeşmeleri oňaýly mümkinçilik diýlip hasaplanýar.
Ýurdumyzda ilkinji gezek ýelden we günden peýdalanmak boýunça “ýaşyl tehnologiýalary” “Aşgabat-siti” diýlip atlandyrylan has döwrebap binagärlik mega taslama boýunça hem-de Garagumuň merkezindäki özboluşly suw gurluşyk desgasy hasaplanýan “Altyn asyr” Türkmen kölüne degişli taslama boýunça ornaşdyrmak meýiieşdirilýär. Şu taslama boýunça kuwwaty 10 MWt ýetýän we energiýanyň gaýtadan ulanylýan çeşmeleri arkaly işledilýän gibrid elektrik stansiýasyny gurmak göz öňünde tutulýar. Ol ýel arkaly işledilýän desgalardan, gün panellerinden, dizel generatorlaryndan, akkumulýator batareýalaryndan, şeýle hem bu elektrik stansiýasynyň işine gözegçilik etmek üçin umumy podstansiýa dolandyryş nokadynyň binasyndan ybaratdyr.
Häzirki wagtda institut tarapyndan Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda täze döwrebap administratiw merkezini elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça taslamalar işlenip düzülýär.
2019-njy ýylda birgiden elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin elektrik ulgamynyň gurluşygy boýunça institut tarapyndan 190-a golaý taslamalar amala aşyryldy, şunda aşakda görkezilenleri elektrik energiýasy bilen üpjün etmek göz öňünde tutuldy: