Konserniň “Energohyzmat” kärhanasy 2005-nji ýylda döredildi. Kärhananyň esasy wezipelerine Așgabat șäheriniň töweregindäki we Köpetdagyň etegindäki gök zolakda ekilen baglara seretmek işleri girýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Aşgabat şäheriniň töwregini we dag eteklerini gök baglyk zolagyna öwürmek” baradaky 2001-nji ýylyň ýanwar aýynyň 16-syndaky 5039 belgili Kararyny we Türkmenistanyň Prezidentiniň “Aşgabat şäherinde, Köpetdagyň eteklerinde asma urganly ýol toplumyny gurmak hakyndaky” 2004-nji ýylyň Oktýabr aýynyň 22-sindäki 6915 belgili Kararyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Aşgabat şäherinde Buzly köşgi gurmak hakyndaky” 2004-nji ýylyň Oktýabr aýynyň 22-sindäki 6916 Kararyny durmuşa geçirmek maksady bilen hem-de Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň Mart aýynyň 4-indäki 33 belgili buýrugy esasynda “Energohyzmat” kärhanasy döredildi.
Kärhana “Türkmenenergogurluşyk” konserniniň tabynlygyndaky özbaşdak hukuk taraply edara boldy. Kärhana “Türkmenenergogurluşyk” konserniniň 2002-nji ýylyň fewral aýynyň 29-na 14514023 belgi bilen bellige alnan “Bag” tokaý hojalyk k ärhanasynyň ähli hukuk we borçlarynyň mirasdüşeri boldy. “Energohyzmat” kärhanasyny Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň №75 belgili 04.04.2020ý. seneli buýrugyna laýyklykda 2020-nji ýylyň maý aýynyň 1-den ministrligiň göni tabynlygyna geçdi we “Energohyzmat” birleşigi diýip atlandyryldy.
“Energohyzmat” birleşigi Aşgabat şäheriniň töweregindäki we Köpetdagyň etegindäki gök baglyk zolagynda ekilen baglara seretmek, olary gorap saklamak we gözegçilik etmek, baglyk zolagy ekologik taýdan arassa we sergin ýere öwürmek maksady bilen, guran baglaryň ýerine goşmaça täzeleri oturtmak ýaly işleri ýerine ýetirýär.
“Energohyzmat” birleşiginiň düzümine aşakdaky merkezler we folklor-etnografiýa studiýasy degişlidir: