“Çynar” çagalar dynç alyş merkezi 500 orunlyk bolup, 2011-nji ýylyň iýun aýynyň 06-syndaky №93 belgili buýrugy esasynda döredilen özbaşdak hojalyk toplumy bolup durýar we “Esaslandyryjy” diýlip atlandyrylýan Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergogurluşyk” konserniniň düzümine girýär, öz-özüni ödeýiş ýörelgeleri esasynda hereket edýär.
Merkezde jemi 14 sany bina bolup, şol sanda 5-sany bölümden ybarat we her bölümde 100 sany çaga dynç almaga niýetlenen otaglar, 1 sany iki gatdan ybarat naharhana, 6 sany kotej jaýlary, 1 sany saglyk öýi şeýle hem üç gatdan ybarat 1 sany baş binasy bar. Mundan başgada çagalar üçin iki sany suw howdany, futbol, basketbol, woleýbol we hokkgeý oýnalýan meýdançasy bar.
Merkeziň maksady 6 ýaşdan 15 ýaşa çenli ýaşly çagalaryň dynç almaklary, şahsyýet taýdan ösmekleri, saglyklaryny berkitmekleri, hünär saýlap almak boýunça öz ýoluny kesgitlemekleri we döredijilikli zähmet çekmekleri üçin olaryň şahsy aýratynlyklaryny, medeni-taryhy we milli däpleri göz öňünde tutmak esasynda umumy medeniýetini kemala getirmek, olaryň jemgyýetçilik durmuşyna uýgunlaşmaklary üçin zerur şertleri döretmek şeýle hem merkeziň işiniň görnüşleri şu aşakdakylardan ybarat:
Häzirki wagtda merkezde tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk işleri güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Dynç alyş möwsüminiň her tapgyrynda 10 gün Türkmenistanyň Energetika ministrligine, Gurluşyk we Binagärlik ministrligine, Senagat we gurluşyk önümleri ministrligine, Türkmen Döwlet we himiýa döwlet konsernini we Aşgabat şäher häkimliklerine degişli edaralaryň 6 ýaşdan 15 ýaşa çenli çagalaryň 500-sini kabul edip bilýär.