Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergogurluşyk” konserni Türkmenistanyň energoulgamynyň desgalaryny gurmak hem-de durkuny täzelemek maksady bilen 1995-nji ýylda döredildi. Konserniň düzümine Aşgabat şäherinde we welaýatlarymyzda ýerleşýän 16 sany düzüm bölegi girip, olaryň 4-si kabel we howa elektrik geçirijilerini gurýan kärhanalar, 4-si dürli kiçi beketleri gurýan kärhanalar, “Sütün” ýöriteleşdirilen gurluşyk dolandyrmasy, “Türkmenenergogurnama” we “Türkmenelektrogurnama” kärhanalary, şeýle hem Önümçilik-tehniki üpjünçilik dolandyrmasy, “Аsma ýoly” döwlet kärhanasy bolup durýarlar. Şonuň ýaly-da konserniň düzüminde energetika desgalary gurlanda zerur bolan demir-beton önümlerini, metal gurnamalary öndürýän “Büzmeindemirbetonönümleri” kärhanasy bar.
Konserniň hünärmenleri onlarça, ýüzlerçe energetika we raýat desgalaryny gurdular. Seýdi şäherindäki güýjenmesi 500 kW bolan „Serdar“ kiçi bekedi, Seýdi ýylylyk elektrik merkeziniň ikinji blogy, Eýran we Owganystan aralygyndaky energetika „geçelgesi“, pudagyň işgärleri üçin ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, paýtagtyň „gündogar“ derwezesi diýlip atlandyrylýan, “Türkmenenergogurluşyk” konserni Milli olimpiýa sport köşgüniň, Köpetdagyň etegindäki asma ýolunyň, birnäçe has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň, Mary şäherindäki Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň binalar toplumynyň we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky „Kuwwat“ bejeriş-sagaldyş merkeziniň gurluşygynyň buýrujysy bolup çykyş etdi. 2009-njy ýylda ulanyşa girizilen „Kuwwat“ bejeriş-sagaldyş merkezinde pudagyň işgärleriniň gowy dynç almaklary we saglyklaryny berkitmekleri üçin ähli zerur şertler döredilen.
2011-nji ýylda Gökderedäki 500 orunlyk çagalar dynç alyş merkeziniň açylyşy boldy. Bu çagalar dynç alyş merkezi Türkmenistanyň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy toplumynyň işgärleriniň çagalary üçin guruldy. Türkmenistanyň Energetika ministrligi bu desganyň buýrujysy bolup çykyş etdi.
„Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň“ kabul edilmegi bilen elektrik geçirijilerini, kiçi beketleri gurmak, durkuny täzelemek we çalyşmak boýunça konserniň işgärleri tarapyndan uly işler alnyp barylýar.
Şular bilen birlikde konsern Türkmenistanyň Prezidentiniň paýtagtyň töwereginde ýaşyl zolagy döretmek baradaky kararynyň talaplaryny durmuşa geçirmek işlerine hem özüniň işjeň goşandyny goşýar. Şu maksat bilen konserniň „Energohyzmat“ kärhanasy Köpetdagyň eteklerinde we Aşgabat şäheriniň daş-töwereginde ýaş nahallary ekmek hem-de olara ideg etmek işlerini amala aşyrýar.
Şonuň ýaly-da, konsern bilelikdäki taslamalara hem gatnaşýar. Konsern Lebap welaýatynyň PS-500 kW «Kerki» bekediniň we 110 kW howa ulgamynyň Döwlet serhedine çenli gurluşygyna kömekçi potratçy hökmünde gatnaşdy, ondan başga-da Aşgabat şäheriniň etraplary boýunça 2015- 2016-njy ýyllarda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasynda göz öňünde tutulan ýollary we köçeleri (20 sany) gurmak hem-de durkuny täzelemek boýunça gurluşyk işlerini alyp bardy.
Özüniň döredileni bäri geçen döwürde konserniň hünärmenleri kabel we howa elektrik geçirijilerini, kiçi beketleri gurmagyň, döwrebap energetiki enjamlary sazlamagyň uly tejribesini topladylar. Bu elektrik geçirijileri ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artýandygynyň hem-de halkymyzyň durmuş-hal ýagdaýynyň gowulanýandygynyň şaýatnamasy hökmünde ýurdumyzyň çäkleri bilen ýüzlerçe, müňlerçe kilometrlere uzalyp gidýärler.