2012-nji ýylyň sentýabr aýynyň 5-ne 24852234 belgi bilen hasaba alnan Folklor etnografiýa studiýasy Türkmenistanyň Energetika ministrligi tarapyndan esaslandyrylan hasaplanýar. Bu studiýa Türkmenistanda milli medeniýeti ösdürmek, türkmen halkynyň halk döredijiligi babatda gazananlaryny ýurduň içinde we daşary ýurtda giňden ýaýratmak maksady bilen döredildi. Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň №75 belgili 04.04.2020ý. seneli buýrugyna laýyklykda 2020-nji ýylyň maý aýynyň 1-den bu Studiýa “Energohyzmat” birleşigine birikdirildi.
Studiýanyň esasy maksady we wezipeleri:
- Türkmenistanyň Prezidentiniň medeniýet, saz sungaty ugrundaky syýasatyny durmuşa geçirmek we aýdym-saz ýerine ýetirilişleri, ilatyň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda oňyn orun eýeleýän gadymy däp-dessurlary, däp bolan türkmen oýunlaryny gaýtadan dikeltmek;
- Watana, türkmen halkynyň medeniýetine we sungatyna ýokary watançylyk söýgi duýgularyny terbiýelemek;
- türkmen kompozitorlarynyň, dünýäniň we ýurduň medeniýetiniň iň oňat nusgalyk döredijilik gazananlaryny wagyz etmek;
- özleriniň saz we sahna çykyşlaryny, aýdym-saz çykyşlaryny döretmek we türkmen halkynyň milli medeniýetini, şadessanlaryny, dessanlaryny, halk döredijiligini öwrenmek esasynda çykyşlary gurmak;
- halkyň arasynda türkmenleriň milli egin-eşiklerini giňden wagyz etmek, ýurduň ähli welaýatlaryndaky ilatyň ýaşaýyş we dürli görnüşli durmuş sahna enjamlary bilen tanyşdyrmak;
- milli egin-eşiklerdäki kümüş şaý-sepleri we bezegler bilen tanyşdyrmak;
- Studiýanyň işgärleriniň hünär ussatlygyny kämilleşdirmek.