Türkmenbaşy ýylylyk elektrik merkezi 1963-nji ýylda ulanyşa girizildi. 1984-nji we 1986-njy ýyllarda hersiniň kuwwaty 210 MWt bolan iki sany energoblok guruldy. Ýylylyk elektrik merkezi deňiz suwunda işleýän özboluşly elektrik stansiýasy bolup, bug gazanlarynda ulanylýan suw iki sany senagat bugardyjy desgasynyň kömegi bilen deňiz suwundan arassalanyp alynýar.