Watan döwlet elektrik stansiýasy 2016-njy ýylyň iýul aýynyň 7-ne Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynda işe girizildi. Bu elektrik stansiýasynda jemi kuwwatlylygy 254 MWt-a deň bolan iki sany gaz turbinasy gurnaldy. Elektrik stansiýasynyň gurulmagy Lebap welaýatynyň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiligini gowulandyrdy.