«Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň düzümine jemi bellenen kuwwatlylygy 6 511,2 MWt bolan 12 sany döwlet elektrik stansiýasy, 6 sany önümçilik birleşigi, “Türkmenenergoabatlaýyş” ýöriteleşdirilen önümçilik birleşigi, Şäheri yşyklandyryş müdirligi, “Döwletenergogözegçilik” kärhanasy, “Energoüpjünçilik” kärhanasy girýär.

Daşoguz döwlet elektrik stansiýasy

Daşoguz döwlet elektrik stansiýasy 2007-nji ýylda ulanyşa girizildi. Bu ýerde hem edil Aşgabat döwlet elektrik stansiýasyndaky ýaly jemi kuwwaty 254,2 MWt bolan iki sany gaz turbina desgasy gurnalan. Elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi Daşoguz welaýatynyň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga hem-de ikinji...

Derweze döwlet elektrik stansiýasy

Derweze döwlet elektrik stansiýasy 2015-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda işe girizildi. Bu ýerde jemi kuwwaty 504,4 MWt bolan dört sany gaz turbina desgalary gurnaldy. Elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.

Lebap döwlet elektrik stansiýasy

Lebap döwlet elektrik stansiýasy 2014-nji ýylyň 7-nji maýynda ulanyşa tabşyryldy. Jemi kuwwaty 149,2 MWt bolan bu stansiýada her biriniň kuwwaty 49,73 MWt bolan üç sany gaz turbinalary gurnaldy. Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi Lebap welaýatynyň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga...

Mary döwlet elektrik stansiýasy

Mary döwlet elektrik stansiýasy türkmen energetikasynyň kerwenbaşysy bolup, onuň birinji energoblogy 1973-nji ýylda ulanyşa girizildi. 1987-nji ýylda onuň 8-nji energoblogunyň ulanyşa girizilmegi bilen stansiýanyň bellenilen kuwwaty 1685 MWt-a deň boldy. Mary döwlet elektrik stansiýasy şol döwürde orta Aziýada iň uly...

Seýdi ýylylyk elektrik merkezi

Seýdi ýylylyk elektrik merkezi Türkmenistan Garaşsyzlygyny alandan soňra gurlan ilkinji elektrik stansiýasy bolup, onuň 1-nji energoblogy 1992-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanyşa girizildi. 2004-nji ýylda onuň 2-nji energoblogunyň işe girizilmegi bilen ýylylyk elektrik merkeziniň bellenilen kuwwatlylygy 160 MWt deň boldy.