Daşoguz döwlet elektrik stansiýasy 2007-nji ýylda ulanyşa girizildi. Bu ýerde hem edil Aşgabat döwlet elektrik stansiýasyndaky ýaly jemi kuwwaty 254,2 MWt bolan iki sany gaz turbina desgasy gurnalan. Elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi Daşoguz welaýatynyň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga hem-de ikinji garaşsyz energetika çeşmesini edinmäge mümkinçilik berdi. Elektrik stansiýasy Daşoguz welaýatynyň elektrik energiýasyna bolan isleglerini artykmajy bilen kanagatlandyrýar.