Lebap döwlet elektrik stansiýasy 2014-nji ýylyň 7-nji maýynda ulanyşa tabşyryldy. Jemi kuwwaty 149,2 MWt bolan bu stansiýada her biriniň kuwwaty 49,73 MWt bolan üç sany gaz turbinalary gurnaldy. Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi Lebap welaýatynyň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda Lebap welaýatynyň çäklerinde kuwwaty 432 MWt bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp barylýar.