Seýdi ýylylyk elektrik merkezi Türkmenistan Garaşsyzlygyny alandan soňra gurlan ilkinji elektrik stansiýasy bolup, onuň 1-nji energoblogy 1992-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanyşa girizildi. 2004-nji ýylda onuň 2-nji energoblogunyň işe girizilmegi bilen ýylylyk elektrik merkeziniň bellenilen kuwwatlylygy 160 MWt deň boldy.