“Aşgabatenergo” önümçilik birleşigi

“Aşgabatenergo” önümçilik birleşigi Аşgabat şäheriniň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek maksady bilen elektrik ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek, täze energetika desgalaryny gurmak, şäheriň çäklerinde ýerleşýän energetika desgalarynyň işine gözegçilik etmek işlerini ýerine ýetirýär. Önümçilik birleşiginiň düzüminde 4 sany etrap elektrik ulgamlary bar. Aşgabat şäheriniň elektrik üpjünçilik ulgamlaryny täzelemek we şäheriň daşynda güýjenmesi 220 kW halkalaýyn ulgamy emele getirmek maksady bilen 3 tapgyrdan ybarat işler ýerine ýetirildi we paýtagtymyzyň elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň durky doly täzelendi. Bu bolsa Aşgabat şäheriniň energoulgamynyň ähli böleklerini özara ätiýaçlandyrmaga we Aşgabat şäheriniň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. “Aşgabatenergo'' önümçilik birleşiginiň hasabynda 1660 km elektrik geçiriji howa ulgamlary, 2896 km kabel elektrik geçiriji ulgamlary we 2060 sany dürli kuwwatlykly transformator beketleri durýar.

Ýerleşýän ýeri