Ahal döwlet elektrik stansiýasy

Ahal döwlet elektrik stansiýasy 2010-njy ýylda işe girizildi. Onda 254,2 MWt-a deň bolan iki sany gaz turbina desgasy gurnaldy. Ahal DES-niň gaz turbinalary diňe tebigy gazda işlemän, dizel ýangyjynda hem işleýärler. Bu elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň sarp edijileriniň elektrik üpçünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. 2013-nji we 2014-nji ýyllarda dürli kuwwatlykly jemi 5 sany gaz turbinalarynyň işe girizilmegi bilen stansiýanyň umumy kuwwatlylygy 648,1 MWt-a deň boldy. Bu stansiýa häzirki wagtda döwletimizde iň kuwwatly gaz turbinaly elektrik stansiýasy bolup durýar.

Ýerleşýän ýeri