Aşgabat döwlet elektrik stansiýasy 2006-njy ýylda ulanyşa girizildi. Ol Aşgabadyň günorta böleginde ýerleşýär. Bu ýerde jemi kuwwatlylygy 254,2 MWt bolan iki sany gaz turbina desgasy gurnalan. Elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi Aşgabat şäheriniň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berdi. 2016-njy ýylda Aşgabat döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde güýjenmesi 220 kW bolan açyk paýlaýjy gurluş gurlup, ulanyşa tabşyryldy. Bu desganyň gurulmagy hem Aşgabat şäheriniň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygy ýokarlandy.