Büzmeýin döwlet elektrik stansiýasy

Büzmeýin döwlet elektrik stansiýasy 1957-nji ýylda ulanyşa girizildi. Bu desga Türkmenistanda şol döwürde ilkinji iri elektrik stansiýasydy. Onuň düzümine jemi kuwwatlylygy 173 MWt bolan 7 sany bug turbina desgalary girýärdi. Häzirki wagtda agzalan ýedi sany turbinalar moral we fiziki taýdan könelişip, olar hasapdan öçürildi hem-de olaryň ornuna kuwwatlylygy 123,6 MWt we 123,0 MWt bolan iki sany gaz turbina desgasy gurnaldy. Bu günki günde stansiýanyň jemi bellenen kuwwaty 246,6 MWt deňdir. Bu elektrik stansiýasynyň çäklerinde güýjenmesi 220/110/35 kW açyk paýlaýjy gurluş guruldy. Bu bolsa Aşgabat şäheriniň elektrik üpjünçiligini ep-esli gowulandyrmaga mümkinçilik berdi.

Ýerleşýän ýeri