Awaza döwlet elektrik stansiýasy

Awaza döwlet elektrik stansiýasy 2010-njy ýylyň 12-nji aprelinde işe girizildi. Onda jemi kuwwatlylygy 254,2 MWt-a deň bolan iki sany gaz turbinasy gurnaldy. Olar hem tebigy gazda we dizel ýangyjynda işläp bilýärler. Taslama boýunça gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygyndan daşary güýjenmesi 110 kW bolan üç sany we güýjenmesi 35 kW bolan 12 sany podstansiýa guruldy. Awaza döwlet elektrik stansiýasynyň we güýjenmesi 35-110 kW bolan podstansiýalaryň işe girizilmegi güýçli depginler bilen gurulýan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny elektrik togy bilen ygtybarly üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Balkan welaýatynyň batly depgin bilen ösýän nebitgaz we himiýa toplumlaryny elektrik togy bilen ygtybarly üpjün etmek üçin 2010-njy ýylda Balkanabat döwlet elektrik stansiýasynda jemi kuwwaty 254,2 MWt bolan iki sany gaz turbina desgasy işe girizildi. Bu desgalaryň işe girizilmegi bilen Balkanabat döwlet elektrik stansiýasynyň bellenen kuwwatlylygy 380,6 MWt-a deň boldy.

Ýerleşýän ýeri