Türkmenistanyň ilkinji elektroenergetika desgasy bolan Hindiguş gidroelektrik stansiýasy 1913-nji ýylda Murgap derýasynyň kenarynda guruldy. Güýjenmesi 16,5 kW, uzynlygy 38,7 km bolan elektrik geçirijili elektrik stansiýasynda Awstro-Wengriýanyň “Gans” kompaniýasynyň her biriniň kuwwatlylygy 400 kWt bolan, jemi kuwwatlylygy 1,2 MWt-a deň bolan üç sany gidroturbinasy oturdylan. Gurlanyna esli wagt geçip (106 ýyl), energetika pudagynyň özboluşly muzeýine öwrülen bu elektrik stansiýasynda häzirki güne çenli hem elektrik energiýasynyň öndürilmegi dowam etdirilýär.