V BAP. ENERGIÝA ÜPJÜNÇILIGI

21-nji madda. Elektrik (ýylylyk) energiýasyndan peýdalanmak üçin şertnama

 

1. Elektroenergetikada elektrik (ýylylyk) energiýasy sarp edilende ýüze çykýan gatnaşyklar energoüpjünçilik kärhanasy bilen elektrik (ýylylyk) energiýasyny sarp edijiniň arasynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda baglaşylýan elektrik (ýylylyk) energiýasyndan peýdalanmak üçin degişli şertnama (mundan beýläk - şertnama) arkaly düzgünleşdirilýär.

2. Energoüpjünçilik kärhanasynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen talaplary ýerine ýetiren ýagdaýynda sarp edijini elektrik (ýylylyk) ulgamlaryna çatmakdan ýüz öwürmäge hukugy ýokdur.

 

22-nji madda. Energoüpjünçilik kärhanasynyň hukuklary we borçlary

 

1. Energoüpjünçilik kärhanasynyň şulara hukugy bardyr:

1) Elektrik we ýylylyk energiýasyndan peýdalanmagyň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanan kadalaryna laýyklykda sarp edijini duýdurmak bilen oňa elektrik (ýylylyk) energiýasyny bermegi doly ýa-da bölekleýin çäklendirmäge, şu bendiň ikinji tesiminde göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanan sanawa goşulan ýaşaýyş üpjünçiliginiň obýektleri, şeýle hem  önümçiliginiň tehnologik ulgamy üznüksiz bolan obýektler elektroenergetika ulgamynyň kadaly işleýän düzgüninde energoüpjünçilik ulgamyndan aýrylmaga degişli däldir;

2) elektrik (ýylylyk) energiýasyny sarp edijileriň energiýany peýdalanmagyň we energiýa tygşytlylygynyň netijeli ulanylmagy boýunça işiniň meselelerine gözegçilik etmäge;

3) şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda hem-de elektroenergetika babatda kadalaşdyryjy-tehniki resminamalarda göz öňünde tutulan beýleki hereketleri amala aşyrmaga.

2. Energoüpjünçilik kärhanasy şulara borçludyr:

1) elektrik (ýylylyk) energiýasyny sarp edijileriň ählisi üçin deň şertleri döretmäge;

2) sarp edijilere elektrik (ýylylyk) energiýasyny Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen nyrhlar boýunça goýbermäge;

3) sarp edijilere elektrik (ýylylyk) energiýasyny bermegi şertnama laýyklykda amala aşyrmaga;

4) energoüpjünçilik kärhanasynyň we sarp edijiniň arasynda baglaşylýan şertnama boýunça özara hasaplaşyklary geçirmek üçin elektrik (ýylylyk) energiýasynyň hasaplaşyk hasaba alnyşyny amala aşyrýar.

 

23-nji madda. Elektrik (ýylylyk) energiýasyny sarp edijileriň hukuklary we borçlary

 

1. Elektrik (ýylylyk) energiýasyny sarp edijileriň şulara hukugy bardyr:

1) elektrik (ýylylyk) energiýasyny şertnama laýyklykdaalmaga;

2) şertnamanyň şertlerine laýyklykda energoüpjünçilik kärhanasyndan kem ýa-da hili pes iberilen elektrik (ýylylyk) energiýasy sebäpli çekilen zyýanyň öwezini dolmagyny talap etmäge;

3) şertnamalaryň baglaşylmagy we ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly jedelli meseleleri çözmek üçin kazyýete ýüz tutmaga.

2. Elektrik (ýylylyk) energiýasyny sarp edijiler şulara borçludyr:

1) elektrik enjamlarynywe hasaplaşyk hasaba alyş abzallaryny kadalaşdyryjy-tehniki resminamalarda kesgitlenen talaplara laýyklykda göwnejaý tehniki ýagdaýda saklamaga;

2) elektrik energiýasyny sarp etmegiň şertnamada kesgitlenen düzgünini berjaý etmäge;

3) elektrik (ýylylyk) energiýasynyň töleglerini şertnama laýyklykda öz wagtynda tölemäge;

4) Ygtyýarly edaranyň elektroenergetikanyň gözegçligini amala aşyrýan gurluş düzüm birlikleriniň işgärlerini hasaplaşyk hasaba alyş abzallaryna, şeýle hem kadalaşdyryjy-tehniki resminamalara laýyklykda, elektrik (ýylylyk) enjamlarynyň tehniki ýagdaýyna hem-de howpsuz ulanylyşyna barlagy amala aşyrmak üçin goýbermäge.

 

24-nji madda. Elektroenergetikanyň obýektleriniň goralmagynyň üpjün edilişi

 

1. Elektroenergetikanyň has möhüm obýektleriniň goralmagy harbylaşdyrylan ýörite gorag gulluklary tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti elektrik ulgamlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen ähli ýuridik we fiziki şahslar üçin hökmany bolan Elektrik ulgamlarynyň goralmagyny üpjün etmegiň kadalaryny tassyklaýar.

 

25-nji madda. Daşary ykdysady iş

 

1. Ygtyýarly edara Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda daşary ykdysady işi geçirýär.

2. Ygtyýarly edara daşary ykdysady işiň gatnaşyjysy hökmünde şulary amala aşyrýar:

1) pudagyň daşary ykdysady işiniň baş ugurlaryny işläp düzmegi;

2) elektroenergetika babatda döwletara ylalaşyklarynyň ýerine ýetirilmegini guramagy;

3) elektroenergetika babatda halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy guramagy;

4) pudagyň eksport mümkinçilikleriniň ösdürilmegi boýunça çäreleri;

5) elektrik energiýasyny ýerlemegiň bazarlaryny öwrenmegi.

3. Pudagyň daşary ykdysady işi öz-özüňi ödemek esasynda gurulýar.

4. Ygtyýarly edara daşary ýurtlaryň çäklerinde energetika degişliýa-da beýleki obýektleri edinmäge, şeýle hem ol Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmak arkaly halkara elektroenergetika birleşmeleriniň, assosiasiýalarynyň gatnaşyjysy bolmaga haklydyr.

 

26-njy madda. Zähmet gatnaşyklary. Işgärleriň durmuş taýdan goraglylygy

 

1. Elektroenergetika kärhanalarynda zähmet gatnaşyklary, işgärleriň durmuş taýdan goraglylygy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

2. Ygtyýarly edara elektroenergetika pudagynyň işgärleriniň okadylmagyny, taýýarlanylmagyny, şeýle hem olaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär.

 

27-nji madda. Elektroenergetikanyň ýagdaýyna jogapkärçilik

 

Elektroenergetikanyň enjamlarynyň we gurluşlarynyň zaýalanmagynda ýa-da ogurlanylmagynda, elektrik (ýylylyk) ulgamlaryna özbaşdak birikdirmekde we elektroenergetikanyň önümini ogurlamakda, şeýle hem elektroenergetikanyň zyýan çekmegine, elektroenergetika obýektleriniň howpsuzlygynyň we sarp edijileriň energoüpjünçiliginiň ygtybarlylygynyň peselmegine getirip biljek beýleki hereketlerde günäkär bolan ýuridik we fizikişahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen maddy, administratiw we jenaýat jogapkärçiligini çekýärler.