IV BAP. ELEKTROENERGETIKANYŇ OPERATIW-DISPETÇERÇILIK DOLANDYRYŞY
16-njy madda. Elektroenergetikadaky operatiw-dispetçerçilik dolandyryş ulgamy
1. Elektroenergetikadaky operatiw-dispetçerçilik dolandyryş ulgamy elektroenergetikanyň obýektleriniň we sarp edijileriň energiýa kabul ediji enjamlarynyň döwlet standartlary we kadalaşdyryjy-tehniki resminamalar tarapyndan bellenen talaplara laýyklykda elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny we elektrik (ýylylyk) energiýasynyň hilini üpjün edýän tehnologik iş düzgünini merkezleşdirip dolandyrmak boýunça çäreleriň toplumyny öz içine alýar.
2. Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamynyň merkezleşdirilen operatiw-dispetçerçilik dolandyryşy Ygtyýarly edara tarapyndan bellenen tertipde Merkezi dispetçerçilik müdirligi (MDM) tarapyndan amala aşyrylýar.
17-nji madda. Operatiw-dispetçerçilik dolandyryşyň esasy ýörelgeleri
Elektroenergetikadaky operatiw-dispetçerçilik dolandyryşy şu aşakdaky esasy ýörelgeleri öz içine alýar:
1) elektrik (ýylylyk) energiýasynyň öndürilişiniň we sarp edilişiniň deňagramlylygynyň üpjün edilmegini;
2) operatiw-dispetçerçilik gözegçiligi wezipesiniň aýratynlykda alnan derejeleriň arasynda paýlanylmagy, şeýle hem dolandyryşyň aşakda durýan derejeleriniň ýokarda durýan derejelerine tabynlygyny;
3) elektroenergetika subýektleriniň hem-de elektrik (ýylylyk) energiýasyny sarp edijileriň operatiw-dispetçerçilik dolandyryşyň operatiw-dispetçerçilik buýruklaryny we görkezmelerinigürrüňsiz ýerine ýetirmegini;
4) elektroenergetikanyň howpsuz işlemeginiň üpjün edilmegine we heläkçilikli ýagdaýlaryň ýüze çykmagynyň öňüni almaga gönükdirilen çäreleriň amala aşyrylmagyny;
5) Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamynda energetika kuwwatlyklarynyň kadalaşdyrylan ätiýaçlyklarynyň üpjün edilmegi boýunça çäreleriň görülmegini;
6) elektrik energiýasynyň öndürilişiniň we sarp edilişiniň möçberiniň gysga möhletleýin we uzak möhletleýin çaklamasynyň üpjün edilmegini;
7) operatiw-dispetçerçilik dolandyryşynyň elektrik energiýasynyň öndürilmegi we paýlanylmagy üçin harajatlaryň azaldylmagynyň ölçegi boýunça elektroenergetika ulgamynyň işdüzgünleriniň amatlaşdyrylmagyna esaslanýan ykdysady netijeliliginiň üpjün edilmegini;
8) ýokarky derejedäki operatiw-dispetçerçilik buýruklarynyň we görkezmeleriniň aşakdaky derejedäki operatiw-dispetçerçilik dolandyryş üçin ýerine ýetirilmeginiň hökmanylygyny,olaryň ýerine ýetirilmeginiň adamlaryň ýaşaýşyna we saglygyna hem-de enjamyň aýawlylygyna howp döredýän halatlary muňa degişli däldir.
18-nji madda. Merkezi dispetçerçilik müdirliginiň wezipeleri
1. Merkezi dispetçerçilik müdirligi Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamyndaky operatiw-dispetçerçilik dolandyryş ulgamynyň ýokarky derejesi bolup durýar.
2. Merkezi dispetçerçilik müdirligi:
1) Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamynyň ygtybarly işlemeginiň bellenen görkezijileriniň berjaý edilişini üpjün edýär;
2) elektroenergetika obýektlerine we elektrik energiýasyny sarp edijilere ýerine ýetirilmegi hökmany bolan elektroenergetika ulgamynyň dispetçeriniň wezipeleriniň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly operatiw-dispetçerçilik buýruklaryny we görkezmelerini berýär;
3) elektrik stansiýalaryndaky we elektrik ulgamlaryndaky enjamlaryň ulanyşdan çykarylmagyny, şeýle hem abatlaýyşdan soňra olaryň ulanyşa girizilmegini guraýar;
4) Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamyna girýän elektrik stansiýalarynyň we elektrik ulgamlarynyň gije-gündiz işlemeginiňiň amatly tertibini işläp düzýärler;
5) elektroenergetika ulgamynyň barlag nokatlaryndaky güýjenmäniň düzgünleşdirilmegini, heläkçilige garşy ulanylýan awtomatika ulgamynyň işleýşiniň barlanyp durulmagyny amala aşyrýar;
6) Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamy üzňelikde işlände, elektrik togunyň ýygylygynyň düzgünleşdirilmegini amala aşyrýar;
7) Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamynyň we daşary ýurtlaryň elektroenergetika ulgamlarynyň ugurdaş işlemeginiň düzgüniniňdolandyrylmagyny guraýar;
8) Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamyna elektroenergetikanyň obýektleri birikdirilende, onuň düzüminde olaryň işlemegini üpjün edýän tehnologik talaplaryň emele getirilmegine we berilmegine gatnaşýar.
19-njy madda. Heläkçilik ýagdaýlary
Heläkçilik ýagdaýlary Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamynyň aýratyn ýerli böleklere bölünmegine, elektrik görkezijileriniň tehniki talaplaryň çäklerinden daşary üýtgemegine wesarp edijileriň energiýa üpjünçiliginiň bozulmagyna getirýän bitewiliginiň tehnologik bozulmasynyň netijesi bolup durýar.
20-nji madda. Heläkçilik ýagdaýlaryny aradan aýyrmakda Merkezi dispetçerçilik müdirliginiň hereketleri
1. Heläkçilik ýagdaýlary dörän mahalynda Merkezi dispetçerçilik müdirligi elektrik stansiýalarynyň pudaklaýyn tabynlygyna garamazdan ätiýaçdaky ähli generirleýji kuwwatlyklaryny, şeýle hem sarp edijileriň özbaşdak energiýa çeşmelerini ulanýar.
2. Heläkçilik ýagdaýlary aradan aýrylýan mahalynda sarp edijileriň energiýa üpjünçiligi Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamynyň durnukly işlemegini üpjün etmek üçin zerur bolanmöçberdäki elektrik kuwwatlyklaryny ibermegi üpjün edýän çyzgy boýunça amala aşyrylýar. Elektrik kuwwatlyklarynyň ýetmezçilik eden mahalynda sarp edijilere elektrik energiýasyny bermek boýunça ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary bilen ylalaşylan tertip boýunça çäklendirmeler ulanylýar.
Heläkçilik ýagdaýlaryny öz wagtynda aradan aýyrmak maksady bilen elektrik kuwwatlyklaryň ýetmezçiligi duýdansyz ýüze çykan mahalynda we elektrik energiýasyny bermek boýunça çäklendirmeleriň tertibiniň girizilmegine wagt ýetmezçilik eden şertlerinde energoüpjünçilik kärhanasy öňünden ylalaşmazdan sarp edijileri elektrik üpjünçilik ulgamyndan aýyrmagy geçirmäge haklydyr.