III BAP. ELEKTRIK ENERGETIKASY BABATDA DÖWLET DOLANDYRYŞY

8-nji madda. Elektrik energetikasy babatda döwlet dolandyryşynyň esasy ugurlary

 

Şular elektrik energetikasy babatda döwlet dolandyryşynyň esasy ugurlary bolup durýar:

1) Türkmenistanyň elektroenergetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegi;

2) çäklerdäki elektrik ulgamlarynyň sarp edijilere deň derejede elýeterliliginiň üpjün edilmegi;

3) generirleýji kuwwatlyklaryň we elektrik ulgamlarynyň durkuny täzelemek, kämilleşdirmek, ösdürmek işlerine maýa goýumlarynyň çekilmegi;

4) elektrik (ýylylyk) energiýasynyň öndürilmegi, geçirilmegi we ýerlenilmegi boýunça dolandyryşyň we hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna bazar mehanizmleriniň ornaşdyrylmagy;

5) elektroenergetikada nyrh syýasatynyň esaslarynyň kesgitlenilmegi;

6) elektroenergetikanyň deňagramlaşdyrylan ösüşiniň üpjün edilmegi;

7) elektrik energiýasynyň we ýangyç-energetika serişdeleriniň oýlanyşykly ulanylmagy;

8) elektrik (ýylylyk) energiýasynyň öndürilmeginiň ygtybarlylygyna, howpsuzlygyna we tygşytlylygyna, onuň geçirilişine, paýlanylyşyna we sarp edilişine, şeýle hem elektroenergetikanyň enjamlarynyň gurluşygynyň we olaryň ulanylyşynyň ygtybarlylygyna we howpsuzlygyna gözegçilik edilmegi.

 

9-njy madda. Elektrik energetikasy babatda döwlet düzgünleşdirişini amala aşyrýan edaralar

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Türkmenistanyň Energetika ministrligi (mundan beýläk- Ygtyýarly edara) elektrik energetikasy babatda döwlet düzgünleşdirişini amala aşyrýan edaralar bolup durýar.

 

10-njy madda.Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň elektrik energetikasy babatda ygtyýarlyklary

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti elektrik energetikasy babatda:

1) şulary kesgitleýär:

a) elektrik energetikasy babatda döwlet syýasatyny;

b) elektrik energetikasy babatda ykdysady özgertmeleriň esasy ýörelgelerini we ileri tutulýan ugurlaryny;

ç) elektroenergetikanyň obýektleriniň maliýeleşdirilmeginiň, gurulmagynyň, ulanyşa girizilmeginiň we ulanyşdan çykarylmagynyň şertlerini we tertibini;

2) şulary tassyklaýar:

a) elektrik energetikasyny ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny;

b) Elektrik we ýylylyk energiýasyndan peýdalanmagyň kadalaryny;

ç) Elektrik ulgamlarynyň goralmagyny üpjün etmegiň kadalaryny;

2-nji bendiniň «d» kiçi bendi - Türkmenistanyň 08.06.2019 ý. № 153-VI Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen;

e) elektroenergetika ulgamynyň kärhanalarynyň adatdan daşary ýagdaýlarda durnukly işlemegini üpjün etmek boýunça çäreleriň işlenip düzülmeginiň we durmuşa geçirilmeginiň tertibini;

ä) elektroenergetika ulgamynyň önümçilik-tehnologik obýektleriniň gurluşygy we ulanylmagy üçin bölünip berilýän ýer bölekleriniň ölçegleriniwe olaryň ulanylyş teribini;

f) ýaşaýşyň üpjün edilmegine degişli obýektleriň, şeýle hem elektroenergetika ulgamynyň kadaly işleýän düzgüninde energoüpjünçilik ulgamyndan aýrylmaga degişli bolmadyk önümçiligiň tehnologik ulgamy üznüksiz bolan obýektleriniň sanawyny;

3) elektrik üpjünçilik kärhanalarynyň hyzmatlarynyňnyrhsyýasatyny emele getirýär;

4) täzelenýän energiýa çeşmeleriniň ulanylmagy arkaly elektrik energiýasyny öndürmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam berýär;

5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

11-nji madda. Ygtyýarly edaranyň elektrik energetikasy babatda ygtyýarlyklary

 

Ygtyýarly edara elektrik energetikasy babatda:

1) şulary durmuşa geçirýär:

a)elektrik energetikasy babatda döwlet syýasatyny;

b) elektrik energetikasy babatda ykdysady özgertmeleriň esasy ýörelgelerini we ileri tutulýan ugurlaryny;

ç) elektroenergetikany ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny;

2) şulary işläp taýýarlaýar we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürleýär:

a) elektroenergetikany ösdürmegiň döwlet maksatnamalarynyň taslamalaryny;

b) Elektrik we ýylylyk energiýasyndan peýdalanmagyň kadalarynyň taslamasyny;

ç) Elektrik ulgamlarynyň goralmagyny üpjün etmegiň kadalarynyň taslamasyny;

d) Türkmenistanyň sarp edijilerine göýberilýän elektrik (ýylylyk) energiýasynyň nyrhlary boýunça teklipleri;

e) Elektroenergetika ulgamynyň kärhanalarynyň adatdan daşary ýagdaýlarda durnukly işlemegini üpjün etmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň we işlenip taýýarlanylmagynyň tertibiniň taslamasyny;

2-nji bendiniň «ä» kiçi bendi - Türkmenistanyň 08.06.2019 ý. № 153-VI Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen;

3) şulary tassyklaýar:

a) elektroenjamlaryň gurluşynyň kadalaryny;

b) Elektroenergetikanyň obýektleriniň ulanylyşynyň tehniki kadalaryny;

ç) Elektroenergetikanyň obýektleri ulanylan mahalyndaky howpsuzlyk tehnikasynyň kadalaryny;

d) elektroenergetikanyň subýektleriniň özara ykdysady gatnaşyklary baradaky Düzgünnamany;

e) elektroenergetikanyň gözegçiliginiň guralyşy hakynda Düzgünnamany;

ä) sarp edijiler tarapyndan özleriniň borçnamalarynyň bozulan, şeýle hem heläkçilikleriň öňüni almak ýa-da aradan aýyrmak boýunça gaýragoýulmasyz çäreleriň görülmegi zerur bolan ýagdaýynda elektrik energiýasynyň sarp edilişiniň doly ýa-da bölekleýin çäklendirilmeginiň düzgüniniňTertibini;

f) Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamynyň merkezleşdirilen operatiw-dispetçerçilik dolandyrylyşynyňTertibini;

g) elektroenergetika babatda kadalaşdyryjy resminamalary;

4) elektroenergetika ulgamynyň howpsuz we ygtybarly işlemegini üpjün edýär, elektroenergetikanyň gözegçiligini amala aşyrýar;

5) elektrik energiýasynyň öndürilişiniň we sarp edilişiniň deňagramlylygyny emele getirmäge gatnaşýar;

6) elektroenergetika ulgamynyň işlemeginiň düzgünini belleýär;

7) Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamyny dolandyrýar;

8) şularyň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşýar:

a) elektroenergetika ulgamynyň obýektleriniň taslamasy düzülende, gurlanda, ulanylanda, ulanyşdan çykarylanda senagat, ýangyn we ekologik howpsuzlygyň üpjün edilmegi boýunça kadalaryň;

b) elektroenergetika babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň;

ç) elektrik (ýylylyk) energiýasynyň döwlet hil standartlarynyň taslamalarynyň;

9) elektrik energiýasyny we ýangyç-energetika serişdelerini netijeli ulanmak, şeýle hem täzelenýän energiýa çeşmelerini ulanmak boýunça çäreleri işläp düzýär hem-de durmuşa geçirýär;

10) şulary amala aşyrýar:

a) generirleýji kuwwatlyklaryň we elektrik ulgamlarynyň durkuny täzelemek, kämilleşdirmek, ösdürmek boýunça çäreleri;

b) elektroenergetika babatda işi ygtyýarlylandyrmagy;

ç) elektroenergetikada tehniki we tehnologik gözegçiligi we barlagy;

d) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda elektroenergetika babatda administratiw hukuk bozulmalary baradaky işlere garamagy;

e) elektroenergetika babatda halkara hyzmatdaşlygyny;

ä) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gaýry ygtyýarlyklary.

 

12-nji madda. Ygtyýarly edaranyň hukuklary

 

Ygtyýarly edaranyň şulara hukugy bardyr:

1) elektrik (ýylylyk) energiýasyny sarp edijileriň hem-de elektroenergetikanyň subýektleriniň elektrik energetikasy babatda hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň bozulandygy hakynda şikaýatlaryna garamaga;

2) hak isleg arzasy bilen kazyýete ýüz tutmaga, şeýle hem kazyýetde şu Kanunyň we elektrik energetikasy babatda beýleki kadalaşdyryjyhukuk namalarynyň bozulmagy bilen bagly işlere garalyşyna gatnaşmaga;

3) ýerleşýän çäklerine we tabynlygyna garamazdan, Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamyna girýän elektrik stansiýalarynyň kuwwatlyklarynaygtyýarlyk etmäge;

4) operatiw ýagdaýdan we elektroenergitikanyň ulgamynda ätiýaçlyklaryň bardygyndan ugur alyp, elektroenergetikanyň kuwwatlyklarynyň has netijeli we oýlanyşykly ulanylmagyny üpjün etmek üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen ylalaşyp, kärhanalaryň aýratyn iş düzgünini girizmäge;

5) halkara guramalarynda elektrik energetikasynyň meseleleri babatda Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik etmäge.

 

13-nji madda. Elektroenergetikanyň subýektleriniň önümçilik-tehnologik işlerine gatyşylmagyna  ýol berilmezligi

 

Döwlet häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, elektroenergetikanyň subýektleriniň önümçilik-tehnologik işlerine gatyşmaga hukugy ýokdur, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

 

14-nji madda. Elektroenergetika gözegçiligi

 

1. Elektroenergetikanyň gözegçiligi diýlip, şu Kanunda we elektroenergetika babatda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen elektroenergetika babatda howpsuzlygyň we ygtybarlylygyň talaplarynyň elektroenergetikanyň subýektleri we elektrik energiýasyny sarp edijiler tarapyndan bozulmagynyň duýdurylmagyna, ýüze çykarylmagyna we öňüniň alynmagyna gönükdirilen işe düşünilýär.

2. Elektroenergetikanyň gözegçiligi Ygtyýarly edaranyň gurluş düzüm birlikleri tarapyndan gözegçilik boýunça özlerine berlen ygtyýarlylygyň çäklerinde şu aşakdakylar arkaly amala aşyrylýar:

1) ýüze çykarylan bozulmalaryň netijelerini aradan aýyrmak we (ýa-da) öňüni almak, günäkär şahslary jogapkärçilige çekmek boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan barlaglary geçirmek we guramak,çäreleri görmek;

2) elektroenergetikanyň subýektleriniň işleriniň barşynda elektroenergetika babatda howpsuzlygyň we ygtybarlylygyň talaplarynyň ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçilik etmek.

 

15-nji madda. Döwletiň elektroenergetikadaky maýa goýum syýasaty

 

1. Türkmenistanyň elektroenergetikadaky maýa goýum syýasaty onuň durnukly ösmegine, elektroenergetikanyň ähli ugurlaryna maýa goýumlary çekmek bilen elektrik energiýasynyňtygşytlylygynyň ornaşdyrylmagyna, şeýle hem maýa goýumlaryň netijeliligine gözegçiligiň amala aşyrylmagynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

2. Türkmenistanyň elektroenergetikadaky maýa goýum syýasaty Türkmenistanyň elektrik kuwwatlyklaryna bolan isleginiň çaklamalarynyň esasynda ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşi bilen baglanyşdyrylyp işlenip düzülýän durmuş-ykdysady ösüşiniň milli maksatnamalaryna, elektroenergetikany ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryna laýyklykda durmuşa geçirilýär.

3. Hususy, şonuň ýaly-da çekilen, şol sanda şu aşakdaky serişdeler Türkmenistanyň elektroenergetikasyna maýa goýumlaryň çeşmesi bolup bilerler:

1) döwletiň merkezleşdirilen düýpli maýa goýumlary;

2) Türkmenistanyň banklarynyň karzlary;

3) elektrik (ýylylyk) energiýasyny sarp edýän ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň serişdeleri;

4) daşary ýurt karzlary we maýa goýumlary;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeler.

4. Şular Türkmenistanyň elektroenergetikasyna goýlan maýa goýumlaryny gaýtarmagyň üpjünçiligi hökmünde bolup biler:

1) Türkmenistanyň Hökümetiniň kepillendirmeleri;

2) bank kepillendirmeleri;

3) sarp edijilere goýberilýän elektrik (ýylylyk) energiýasynyň nyrh möçberleriniň maýa goýum düzümi;

4) beýleki üpjünçilik çäreleri.