II BAP. ELEKTROENERGETIKANYŇ GURALYŞYNYŇESASLARY
6-njy madda. Elektroenergetikanyň işlemeginiň tehnologik we ykdysady esaslary
1. Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamy elektroenergetikanyň işlemeginiň tehnologik esasyny düzýär.
2. Elektroenergetikanyň obýektleriniň elektrik (ýylylyk) energiýasynyň öndürilmegi, özgerdilmegi, geçirilmegi, ýerlenilmegi bilen baglynyşykly tehnologik aýratynlyklary bilen şertlendirilen gatnaşyklaryň ulgamy elektroenergetikanyň işlemeginiň ykdysady esasy bolup durýar.
7-nji madda. Elektrik energetikasy çygryndaky ykdysady gatnaşyklaryň guralyşynyň esasy ýörelgeleri
Şular elektrik energetikasy çygryndaky ykdysady gatnaşyklaryň guralyşynyň esasy ýörelgeleri bolup durýar:
1) elektroenergetikanyň bökdençsiz we ygtybarly işlemeginiň üpjün edilmegi;
2) elektroenergetikanyň tehnologik bitewüligi;
3) elektroenergetikanyň ekologik howpsuzlygynyň üpjün edilmegi;
4) elektrik (ýylylyk) energiýasynyň göwnejaý hiliniň üpjün edilmegiwe özüne düşýän gymmatynyň azaldylmagy esasynda elektrik (ýylylyk) energiýasyna bolan islegiň kanagatlandyrylmagynyň durnukly ulgamynyň emele getirilmegi;
5) işiň pudagyň ykdysady taýdan esaslandyrylan girdejililigini üpjün edýän hojalyk hasaplaşygy ýörelgeleri esasynda amala aşyrylmagy;
6) elektroenergetika kärhanalarynyň arasyndaky ykdysady we hukuk gatnaşyklarynyň taraplaryň hukuklaryny, borçlaryny we özara jogapkärçiligini kesgitleýän şertnamalar esasynda guralmagy;
7) elektroenergetika babatda işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi.