I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) elektroenergetika– Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň elektrik (ýylylyk) energiýasynyň öndürilmegi, özgerdilmegi, geçirilmegi, ýerlenilmegi we sarp edilmegi bilen baglylykda ýüze çykýan önümçilik we ykdysady gatnaşyklarynyň toplumyny öz içine alýan pudagy;
2) elektrik (ýylylyk) energiýasyny sarp edijiler– önümçilik we (ýa-da) durmuş hajatlary üçin elektrik (ýylylyk) energiýasyny satyn alýan fiziki we ýuridik şahslar;
3) elektrik (ýylylyk) energiýasyny peýdalanmak üçin şertnama –energoüpjünçilik kärhanasynyň elektrik (ýylylyk) energiýasyny belli bir möçberde we talap edilýän hilinde bermäge, satyn alyjynyň bolsa, olary kabul etmäge hem-de baglaşylan şertnamanyň şertlerine laýyklykda tölemäge borçlanýan şertnamasy;
4) elektrik (ýylylyk) energiýasynyň hasaplaşyk hasaba alnyşy – hasaplaşyk hasaba alnyş enjamynyň görkezijilerine esaslanyp, energoüpjünçilik kärhanasynyň we sarp edijiniň arasynda elektrik (ýylylyk) energiýasyny peýdalanmak üçin şertnama boýunça özara hasaplaşyklary geçirmek üçin esas bolup durýan elektrik (ýylylyk) energiýasynyň hasaba alnyşy;
5) elektrik geçiriji ulgam – elektrik energiýasyny geçirmek we paýlamak üçin niýetlenip oturdylan elektrik enjamlarynyň jeminden ybarat bolan hem-de transformator, paýlaýjy we özgerdiji podstansiýalardan, elektrik geçirijilerden we birleşdiriji simlerden (kabellerden) durýan ulgam;
6) elektroenergetika ulgamynyň obýektleri – elektrik (ýylylyk) energiýasyny öndürmekde, geçirmekde we ýerlemekde gönüden-göni ulanylýan emläk obýektleri (elektrik stansiýalary, elektrik geçirijileri, transformator podstansiýalary, paýlaýjy nokatlar we elektrik (ýylylyk) energiýasyny geçirmegi amala aşyrmak üçin niýetlenen beýleki enjamlar);
7) elektroenergetikanyň subýektleri – energoüpjünçilik kärhanalary, Merkezi dispetçerçilik müdirligi;
8) energoüpjünçilik kärhanasy–elektrik (ýylylyk) energiýasynyň öndürilmegini, geçirilmegini we ýerlenilmegini amala aşyrýan kärhana;
9) hasaplaşyk hasaba alnyş enjamy– elektrik (ýylylyk) energiýasynyň göýberilen (sarp edilen) möçberini hasaplamak üçin niýetlenen, bellenen tertipde ulanylmaga rugsat berlen tehniki gurluş;
10) Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamy– merkezleşdirilen operatiw-dispetçerçilik dolandyryşyň şertlerinde elektrik (ýylylyk) energiýasyny öndürmegiň, özgertmegiň, geçirmegiň, ýerlemegiň we sarp etmegiň üznüksiz tehnologik dowamlylygynyň umumy düzgünibilen özara baglanyşykly elektrik stansiýalarynyň, transformator podstansiýalarynyň we elektrik geçirijileriniň jemi;
11) tehnologik bozulma – elektroenergetika ulgamynyň durnuklylygyny ýitirmegine getirýän elektroenergetika obýektiniň iş düzgüniniň bozulmagy.
2-nji madda. Türkmenistanyň elektrik energetikasy hakynda kanunçylygy
1. Türkmenistanyň elektrik energetikasy hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan, Türkmenistanyň elektrik energetikasy çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanundaky kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.
3-nji madda. Türkmenistanyň ykdysadyulgamynda elektrik energetikasy we onuň aýratynlyklary
1. Elektrik energetikasy ykdysadyýetiň işlemeginiň we ýaşaýşyň üpjün edilmeginiň esasy bolup durýar.
2. Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamynyň elektroenergetikanyň ýurduň içine we daşyna iberilmegi üçin niýetlenen harytlyk önümi bolup durýan elektrik (ýylylyk) energiýasynyňöndürilmegini, özgerdilmegini, geçirilmegini, ýerlenilmegini we sarp edilmegini üpjün edýän önümçilik-tehnologik toplumyny özünde jemleýän kärhanalary elektrik energetikasynyň esasy bolup durýar.
Aýratynlykda alnan her bir elektroenergetika kärhanasy tamamlanylmadyk önümçilik dolanyşygy bolup durýar we ol aýratynlykda işlemeýär.
Elektroenergetikanyň ähli kärhanalary senagat derejeli kärhanalara degişlidir.
3. Elektrik energetikasynyň ähmiýetini we onuň işleýşini kesgitleýän aýratynlyklary şu aşakdakylardan ybarat bolup durýar:
1) elektrik (ýylylyk) energiýasynyň öndürilmeginiň we sarp edilmeginiň yzygiderli baglanyşyklylygy, sarp etmegiň ululygynyň we düzgüniniň kesgitleýji täsir etmeginde elektrik energiýasynyň öndüriliş fazasynyň onuň sarp ediliş fazasy bilen wagt babatda deň gelmegi;
2) elektrik stansiýasynda elektrik energiýasynyň öndüriliş dolanyşygynyň onuň özgerdilmegi we elektrik ulgamlary arkaly sarp edijilere ýetirilmegi bilen tamamlanmagy;
3) tamamlanylmadyk önümçiliginiň bolmazlygy we ammarda saklanylmagynyň mümkin dälligi;
4) ýylyň (çärýegiň), aýyň (gije-gündiziň), gije-gündiziň (sagatlaryň) dowamynda onuň sarp edilmeginde möwsümleýin gyşarmalaryň bolmagy bilen baglylykda, elektrik stansiýalarynda olaryň öndürilmeginiň üýtgäp durýan düzgüniniň, energetiki kuwwatlyklaryň ätiýaçlyklaryny saklamagyň zerurlygyny we olaryň öňürdiji ösüşini kesgitleýän elektrik (ýylylyk) energiýasynyň önümçiliginiň gyradeň bolmazlygy;
5) elektrik energiýasynyň öndürilmegi, özgerdilmegi, geçirilmegi, ýerlenilmegi we sarp edilmegi bilen bagly ähli harajatlaryň doly hasabynyň ýöredilmegini üpjün edýän franko-sarp ediji şertinde energiýanyň özüne düşýän gymmatynyň hasaplanylmagy.
4-nji madda. Türkmenistanyň elektroenergetikasyndaky eýeçilik
1. Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamynyň obýektleri döwlet eýeçiligi bolup durýar.
2. Elektroenergetika kärhanalaryna emläk doly hojalyk ýöretmek hukugynda berkidilýär.
3. Elektroenergetikanyň kärhanalary emläge Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda eýeçilik edýärler, peýdalanýarlar we ygtyýarlyk edýärler.
5-nji madda. Elektroenergetikanyň obýektleriniň ýerleşdirilmegi üçin ýerden peýdalanmagyň düzgünleşdirilişi
1. Elektroenergetikanyň obýektlerini ýerleşdirmek üçin ýer bölekleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde hemişelik ulanylmaga berilýär.
Elektroenergetikanyň obýektlerini ýerleşdirmek üçin berilýän ýer bölekleriniň ölçegleri bellenilen tertipde tassyklanylýan taslama-tehniki resminamalaryna laýyklykda kesgitlenilýär.
2. Elektroenergetikanyň obýektleriniň ýerleşýän ýeriniň daşky gurşawyna hem-de ilata ol obýektleriň howpsuz bolmagyny üpjün etmek üçin ölçegleri we ulanylyş düzgüniTürkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän tertipde kesgitlenilýän gorag zolaklary bellenilýär.
3. Gorag zolaklarynyň çäklerindäki ýer bölekleri üçin ýerden peýdalanmagyň aýratyn düzgüni bellenilýär,şunda ýer eýeleriniň, bu ýeri peýdalanýanlaryň ýa-da kärendesine alýanlaryň ony aşakdaky çäklendirmeler bilen hojalyk maksatlarynda ulanmaga hukuklary bardyr:
1) senagat we raýat gurluşygyny alyp barmak gadagan edilýär;
2) elektroenergetika obýektiniň ýolbaşçylygy bilen ylalaşmazdan islendik işleri ýerine ýetirmek gadagan edilýär.