Aşgabat - halkara çäreleriniň geçirilýän merkezi

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň iň täze taryhynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmaklarynda ata Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäheri halkara derejesindäki sebit we dünýä ähmiýetli çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Olaryň hatarynda energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmegiň, sebitde ösen ulag-logistika ulgamyny kemala getirmegiň, Hazar deňziniň hukuk derejesini kesgitlemegiň, Araly halas etmegiň meselelerine bagyşlanan we beýleki birnäçe iri möçberli çäreleri agzamak bolar. Bu meseleleriň ählisi hem dünýäniň abraýly halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ara alnyp maslahatlaşylýar.

         2024-nji ýylyň maý aýynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň hem Aşgabat şäherinde duşuşyk geçirjekdigi baradaky hoş habar ýokarda agzalanlary bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

         Bu çäräniň barşynda demir ýollar arkaly üstaşyr geçirmegiň bahalaryny ara alyp maslahatlaşmak, sebitiň demir ýol ulaglaryny üstaşyr geçirmek ukybyny we onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we gurama gatnaşýan döwletleriň arasynda bu ugurda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

         Geçen döwür içinde Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz aladalary bilen ýurdumyzyň demir ýol ulgamyny ösdürmek boýunça nusgalyk işler durmuşa geçirildi.

Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan milli ulag, şol sanda demir ýol düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak arkaly halkara üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda Tejen-Sarahs-Maşat, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran, Kerki-Ymamnazar-Akina we Serhetabat-Turgundy halkara demir ýollary, Zerger-Kerki-Kerkiçi, Aşgabat-Garagum-Daşoguz demir ýollary, şeýle hem Kerki-Kerkiçi, Türkmenabat-Farap demir ýol köprüleri gurlup ulanmaga berildi.

Görşümiz ýaly, Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň geçirjek duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyljak meseleleri mynasyp derejede durmuşa geçirmek üçin Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz aladalary bilen ýurdumyzda ähli şertler döredilen. Şol sebäpli, bu guramanyň geçirjek duşuşygynyň hem paýtagtymyzyň durmuşyna altyn harplar bilen ýazyljakdygy ikuçsuzdyr.

Biziň her bir ugurda dünýä derejesinde geçirilýän çärelere mynasyp gatnaşmagymyz üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan işleri hemişe rowaç alsyn!

Täzelikler

2026-02-09 / Syýasy

Türkmenistan we ÝB energetika hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini maslahatlaşdylar

2026-02-02 / Syýasy

Türkmenistandaky oba mekdebinde ÝUNISEF-iň goldamagynda ätiýaçlyk Gün fotoelektrik ulgamy gurlup ulanmaga berildi

2026-01-28 / Syýasy

«Türkmen gazy gönümel Ýewropa iberilip bilner» — Türkiýäniň ilçisi Hazarüsti taslamasy barada

2026-01-27 / Syýasy

Aşgabatda «Ýaşyl energiýa – aýdyň geljek» atly «tegelek stol» geçirildi

2026-01-22 / Syýasy

Aşgabatda SPECA-nyň sanlylaşdyrma we durnukly ösüş meseleleri boýunça ykdysady forumy geçirilýär

2026-01-13 / Syýasy

«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan 2025-nji ýylda gazlyp alnan nebitiň möçberi 4 million tonnadan geçdi

2025-12-24 / Syýasy

Lebapda täze gaz guýusy işe girizildi

2025-12-20 / Syýasy

Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» sammitine gatnaşdy

2025-11-27 / Syýasy

Türkmenistan we Täjigistan energetika hem-de suw serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

2025-11-16 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: