Türkmenistan-dünýäniň ösen ulag ulgamynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmaklarynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ykdysady hojalygyna barha işjeň goşulyşýar, abraýly halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Munuň şeýledigine ýurdumyzdan daşary ýurtlara ýylsaýyn artýan möçberde iberilýän energiýa serişdeleri, dokma önümleri we beýlekiler aýdyň şaýatlyk edýär. Hyzmatdaşlyk edilýän halkara guramalarynyň hataryna Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň hem goşulmagy ata Watanymyza dünýä ýurtlary tarapyndan gyzyklanmalaryň barha artýandygyny tassyklaýar.

Bu gurama bilen hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we beýleki guramaçylyk meselelerine garamak üçin şu ýylyň maý aýynda Aşgabat şäherinde Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň komiteti tarapyndan Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşygyň taraplarynyň wekilleriniň duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Bu halkara guramasynyň Aşgabatda ilkinji gezek geçirmegi meýilleşdirýän çäresine laýyklykda, halkara gatnatmalarda üstaşyr daşamalary ösdürmek, Halkara demir ýol ýük gatnatmalary baradaky Ylalaşygy kämilleşdirmek, demir ýol ulagy arkaly üstaşyr ýük daşamalarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak bilen bagly we beýleki meselelere garamak göz öňünde tutulýar.

Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň ösen demir ýol ulgamy kemala getirildi. Ýurdumyzyň çäklerinde we daşary ýurtlara tarap ýüzlerçe, hatda müňlerçe kilometr demir ýollary çekildi. Muňa Gazagystan-Türkmenistan-Eýran, Türkmenistan-Owganystan ugurlary boýunça çekilen demir ýollar mysal bolup biler.

Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda belleýşi ýaly, ata Watanymyz Merkezi Aziýada bu gadymy kerwen ýolunyň merkezinde ýerleşmek bilen, ullakan halkara ýük we ýolagçy daşamak we olary üstaşyr geçirmek mümkinçiligine eýedir. Şunuň bilen birlikde ösen demir ýol ulgamymyzyň bolmagynyň ýurdumyzyň çäklerinde dürli maksatly ýükleri daşamakda hem möhüm ähmiýeti bardyr. Ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin möhüm ähmiýeti bolan gurluşyklarda ulanyljak dürli enjamlar, materiallar we çig mallar demir ýollarymyz arkaly gurluşyk meýdançalaryna daşaldy. Olara mysal edip, Lebap welaýatynda gurlan kaliý zawodynyň, Watan döwlet elektrik stansiýasynyň, Ymamnazar-Akina ugry boýunça demir ýol şahasynyň we beýlekileriň gurluşyklaryny getirmek bolar. Ýurdumyzda ýükleri we ýolagçylary daşamagyň multimodal ulgamynyň kemala getirilmegi geljekki döwürler üçin öňde durýan wezipeleriň biridir.  

Täze taryhy döwürde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz aladalary bilen ýurdumyzyň ösen ulag ulgamyny kemala getirmegiň çäklerinde demir ýollarymyzy hem hemmetaraplaýyn, dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürmek ugrunda nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň şu gezek Aşgabat şäherinde geçirmegi meýilleşdirýän duşuşygynyň hem bu asylly maksatlarymyza ýetmäge ullakan goşant boljakdygyna ynanýarys.

         Ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly we bedew bady bilen alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli we halkara ähmiýetli tutumly başlangyçlary hemişe rowaç alsyn!

Täzelikler

2025-05-10 / Syýasy

Aşgabatda Geýdar Aliýewiň ýagty ýadygärligi ýatlanylyp, energetika hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-04-23 / Syýasy

ESKATO-nyň ýerine ýetiriji sekretary Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine ýokary baha berdi

2025-04-15 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidenti Osakadaky Bütindünýä sergisinde ýurduň milli pawilýonyny açdy

2025-04-08 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýeti Günorta gaz geçelgesiniň Maslahat beriş geňeşiniň çägindäki ministrler mejlisine gatnaşdy

2025-03-28 / Syýasy

Türkmenistanyň wekili elektrik energiýasynyň serhetüsti söwdasynda ulanylýan bazar gurluşy bilen tanyşdy

2025-03-15 / Syýasy

Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär

2025-03-02 / Beýlekiler

Londonda geçirilýän Halkara energetika forumlarynda «TEIF 2025» forumyna gyzyklanma bildirildi

2025-02-11 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tährana sapary başlandy

2025-01-30 / Syýasy

Halkara energetika hartiýasynyň Baş sekretary TEIF 2025 forumynda ekologiýa maksatnamasy bilen tanyşdyrar

2025-01-17 / Syýasy

Türkmenistan Tähranda geçiriljek gaýtadan dikeldilýän energetika boýunça halkara sergisine gatnaşmaklyga çagyryldy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: