«Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi

Türkmenistanda «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda»  täze Kanun resmi taýdan çap edildi we güýje girdi. Bu Kanun ýurtda energiýanyň tygşytlanylmagyny höweslendirmegiň hem-de energiýadan peýdalanylmagynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny belleýär.

Kanun energiýany tygşytlamak ulgamyna degişli energetiki barlag, energetiki pasport, ýangyç-energiýa serişdeleriniň sarp edilmeginiň kadalary ýaly esasy düşünjelere kesgitleme berýär. Şeýle hem onda ýangyç-energiýa serişdelerini sarp edijileriň hukuklary we borçlary ýazylandyr.

Resminamada energiýany tygşytlamak babatynda hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň esasy ýörelgeleri, şol sanda energiýany tygşytlamak babatyndaky çäreleriň geçirilmeginiň ylmy-tehniki we ykdysady taýdan esaslandyrylmagy, energiýa taýdan netijeli enjamlaryň, tehnologiýalaryň we materiallaryň ornaşdyrylmagynyň ileri tutulmagy barada bellenilýär. Energiýadan netijeli peýdalanmak babatynda halkara hyzmatdaşlygyna we maglumat üpjünçiligine aýratyn üns berilýär.

Täzelikler

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: