«Çalık Enerji» Türkmenistanyň Balkan welaýatynda elektrik stansiýasynyň gurluşygy üçin maliýe kepilligini aldy

«Çalık Enerji» türk kompaniýasy Germaniýanyň «Commerzbank» bankyndan we Şweýsariýanyň eksport-karz agentliginden (EKA) Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde kuwwatlylygy 1574 MWt bolan bug-gaz elektrik stansiýasynyň gurluşygy üçin ABŞ-nyň 586 million dollary möçberinde maliýe kepilligini aldy. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berýär.
2023-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Türkmenbaşy etrabynda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan elektrik stansiýasyny gurmak barada Respublikasynyň «Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.» türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar bermek hakynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, desgany 2027-nji ýylyň maý aýynda ulanmaga doly taýýar edilip tabşyrylar.
 

Täzelikler

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: