Türkmenistanda elektrik energiýasyny toplaýjy we saklaýjy enjamlary öndürmäge ýöriteleşdirilen bilelikdäki kärhana dörediler

Wise-premýer B.Annamämmedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda ýurdumyzda işewürligi hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini goldamagyň çäklerinde elektrik energiýasyny toplaýjy we saklaýjy enjamlary öndürmäge ýöriteleşdirilen «Üznüksiz çeşme» hojalyk jemgyýetini döretmegiň meýilleşdirilýändigi barada hasabat berdi.

Täze kärhana Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň «Aşgabatenergo» önümçilik birleşiginiň we «Üznüksiz hyzmat» hususy kärhanasynyň paýly gatnaşmagynda dörediler. Täze önümçilik ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga goşant goşmaga, daşary ýurtlardan getirilýän şeýle enjamlaryň möçberini azaltmaga, şeýle hem täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň çäklerinde elektrik energiýasyny toplaýjy we saklaýjy enjamlary özümizde öndürmek işini ýola goýmaga möhüm ähmiýet bermegiň wajypdygyny belläp, bu ugurda dörediljek bilelikdäki hojalyk jemgyýetiniň işinde häzirki zaman talaplaryndan ugur alynmalydygyny aýtdy we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

 

Täzelikler

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: