Türkmenistan we Owganystan energetika taslamalaryny durmuşa geçirmegiň meselelerini maslahatlaşdylar

Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Amir Han Mottakiniň arasynda geçirilen duşuşykda energetika taslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty habar berýär.

Taraplar TOPH gaz geçirijisi we TOP elektrik geçiriji ulgamy ýaly iri taslamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly alnyp barylýan işlere seljerme berdiler. Şunda iki ýurduň hem Owganystanyň çägindäki desgalaryň gurluşygyny dowam etdirmäge ýokary derejede taýýardygy beýan edildi.

Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda ulag infrastrukturasynyň meselelerine we Owganystan üçin ýokary derejeli hünärmenleri türkmen bilim edaralarynda taýýarlamagyň mümkinçiliklerine garaldy. Taraplar daşary işler ministrlikleriniň derejesindäki gepleşikleri yzygiderli dowam etdirmek hakynda ylalaşdylar.

Täzelikler

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: