2023-nji ýylda Türkmenistanyň energetika ulgamy: önümçiligiň ösüşi we täze wezipeler

9-njy fewralda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň energetika toplumynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemi jemlendi diýip, TDH habar berýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň hasabatynda bellenilişi ýaly, Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 113,3 göterim berjaý edildi. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 101,9 göterime barabar boldy. 

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda elektroenergetika ulgamynda önümçilik kuwwatlyklarynyň mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz täze elektrik stansiýalaryny gurmak, paýlaýjy ulgamlaryň tehniki ýagdaýlaryny gowulandyrmak, hereket edýän bitewi energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.

Türkmenistanda «ýaşyl» energetikany ösdürip, Gün elektrik stansiýalaryny gurmak işlerini netijeli dowam etdirmegiň zerurdygy aýratyn nygtaldy. Şeýle hem birnäçe iri elektrik stansiýalarynyň gaz turbina desgalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek boýunça wezipeler kesgitlenildi.

Bu meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi içerki we daşarky sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmäge ýardam berer diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Täzelikler

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: