Germaniýanyň maslahat beriş kompaniýasy Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek işine gatnaşar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek barada yglan edilen halkara bäsleşikde ýeňiji bolan GFR-iň «Goetzpartners Emerging Markets GmbH» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen GFR-iň «Goetzpartners Emerging Markets GmbH» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, Arkadag şäherinde dörediljek halkara derejedäki lukmançylyk klasteri diňe bir içerki bazar üçin däl, eýsem, eksport üçin hem dürli görnüşli lukmançylyk önümlerini öndürmäge niýetlenendir.

Öz gezeginde, «Goetzpartners Emerging Markets GmbH» kompaniýasynyň ýolbaşçylary maslahat beriş hyzmatlarynyň ýokary derejede ýerine ýetiriljekdigine ynandyrdylar. Şeýle hem olar Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýandiklerini bellediler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri germaniýaly hyzmatdaşlary täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmaga çagyrdy.

Täzelikler

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: