Türkmenistan we Ýaponiýa energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar

22-23-nji ýanwarda daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýada saparda boldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty habar berýär. 

Saparyň dowamynda iki dostlukly ýurduň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen resminamalaryň birnäçesine gol çekildi:

- Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň arasynda energetika geçişi amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;

- Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň binýadynda  onuň ikinji toplumynyň taslamasynyň we  gurluşygynyň amala aşyrylmagy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

- «Marykarbamid» zawodynyň taslama kuwwatlylygyny artdyrmak boýunça tehniki hyzmatlaryň amala aşyrylmagy we üpjün edilmegi boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

- Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň tehniki hyzmatlaryň amala aşyrylmagy we üpjün edilmegi babatynda Çarçuwaly ylalaşyklar boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama.

Täzelikler

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: