Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty «UI GreenMetric World University Ranking» atly halkara reýtinge goşuldy

27-nji dekabrda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen halkara ylmy-amaly maslahatyň dowamynda «UI GreenMetric World University Ranking» agentliginiň başlygy Riri Fitri Sari Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisiniň «UI GreenMetric World University Ranking» atly halkara reýtinge goşulandygyny tassyklaýan şahadatnamany gowşurdy.

Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň garamagynaky Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty hem bar.

«UI GreenMetric» reýtingi Indoneziýanyň uniwersiteti tarapyndan 2010-njy ýyldan bäri düzülýär we uniwersitetleriň ekologiýa infrastrukturasyny kämilleşdirmäge ymtylyşyny we daşky gurşawy goramak pudagynda durnukly ösüşe goşýan goşandyny ölçeýär. Bu ýyl «UI GreenMetric» reýtinginde 85 ýurtdan 1183 ýokary okuw mekdebi girizildi.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan Döwlet energetika instituty Halkara uniwersitetler assosiasiýasynyň hem agzasydyr.

Täzelikler

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: