Türkmenistan Jemleýji Beýannamada öz bähbitleriniň göz öňünde tutulmagyny gazandy

«Hazar bäşliginiň» daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň netijelerine görä, mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň esasy ylalaşyklaryny we ugurlaryny şöhlelendirýän Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.

Resminama ylalaşyk häsiýetine eýe bolsa-da, onda türkmen tarapy tarapyndan gozgalan esasy meseleler öz beýanyny tapdy. Hususan-da, Beýannamada Hazar deňzinde deňiz ylmy gözlegleri pudagyndaky hyzmatdaşlyk baradaky şertnamanyň taslamasyny tassyklamak işini tizleşdirmegiň zerurdygy aýdylýar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Hazar deňziniň ýalpaklaşmagynyň meselelerini öwrenmek we jogap çärelerini işläp düzmek üçin iş toparyny döretmek baradaky başlangyjy hem goldanyldy.

Mundan başga-da, taraplar Hazaryň deňiz gurşawynyň goralmagyny üpjün etmäge gönükdirilen Tähran konwensiýasy boýunça mundan beýläk-de hyzmatdaşlyl etmegiň möhümdigini bellediler.

Şeýlelik bilen, Türkmenistan birnäçe mesele boýunça garaýyşlarynyň «Hazar bäşliginiň» duşuşygynyň jemleýji resminamasyna goşulmagyny gazandy. Munuň özi ýurduň sebitiň köptaraplaýyn gurşawynda işjeň we yzygiderli iş alyp barýandygyna şaýatlyk edýär.

Täzelikler

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: