Türkmenistan «Hazar bäşligi» görnüşindäki gepleşiklerde öz bähbitlerini işjeň goraýar

Gepleşiklerde Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Diplomat öz çykyşynda iki möhüm meselä – Hazar sebitindäki ekologiýa gün tertibine we energetika hyzmatdaşlygyna ünsi çekdi.

Ekologiýa barada aýdylanda, türkmen tarapy Hazar deňziniň derejesiniň peselmegi bilen baglanyşykly meseläni hemmetaraplaýyn öwrenmegiň, şol sanda bu babatda ýörite iş toparyny döretmegiň zerurdygyny öňe sürýär. Şeýle hem Hazar deňzinde ylmy-barlaglary geçirmek boýunça bäştaraplaýyn Ylalaşygyň taslamasynyň tassyklanmagyny çaltlaşdyrmak hakynda teklip beýan edildi.

Energetika pudagynda Türkmenistan Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakyndaky Konwensiýada göz öňünde tutulan deňziň düýbünden turbageçirijileri çekmek bilen baglanyşykly maddany iň tiz wagtda durmuşa geçirmäge çagyrýar. Bu sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerine laýyk gelýär, çünki munuň özi energetika howpsuzlygyny we üstaşyr geçiriş mümkinçiliklerine pugtalandyrmaga itergi berer.

Şeýlelikde, Türkmenistan hereket edýän ylalaşyklara we mehanizmlere esaslanmak bilen, Hazar sebitinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýär.

Täzelikler

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: