Ýylyň başyndan bäri Energetika ministrligi önümleri öndürmegiň we işleri amala aşyrmagyň meýilnamasyny 112,6 göterim ýerine ýetirdi

2023-nji ýylyň 11 aýynda Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň, işleri we hyzmatlary amala aşyrmagyň meýilnamasy 112,6 göterim ýerine ýetirildi. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 102,7 göterime deň boldy.

Pudak boýunça şeýle görkezijiler barada wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow 8-nji dekabrda geçirilen Türkmenistanyň Hökümetiniň mejlisinde hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk, energetika, senagat pudaklaryna maýa goýumlary çekmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Bu pudaklara öňdebaryjy usullary hem-de täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns bermek tabşyryldy diýip, TDH habar berýär.

Täzelikler

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: