Elektroenergetika pudagynda hyzmatdaşlyk – Aşgabatda geçirilen Türkmen-amerikan işewürlik maslahatynda garalan meseleleriň biri boldy

5-nji dekabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda 10-njy Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa iki ýurduň ugurdaş döwlet edaralarynyň we işewür düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar diýip, TDH habar berýär.

«Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen wekiliýetiň düzümine «Case New Holland Industrial», «Climate Compass LLC», «Honeywell», «John Deere», «Palo Alto Networks», «VISA», «Westport Trading Europe Limited» ýaly meşhur kompaniýalaryň ýolbaşçylary we wekilleri girdi.

Energetika pudagy, ulag-aragatnaşyk, obasenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Häzirki döwrüň şertlerini we Türkmenistanyň möhüm ekologik meseleleri milli, sebit hem-de ählumumy derejede çözmek babatda durmuşa geçirýän maksada gönükdirilen başlangyçlaryny nazara almak bilen, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini netijeli peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlyk üçin amatly mümkinçilikler bar. Maýa goýumlar we söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem geljegi uly ugurlaryň biridir. 

Işewürlik maslahatynyň çäklerinde ýurdumyzyň birnäçe pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň ABŞ-ly hyzmatdaşlar bilen duşuşyklary göz öňünde tutuldy. Senagat, nebitgaz we ulag-kommunikasiýalar ulgamlarynda, elektroenergetika, maliýe-bank, söwda, oba hojalygy, ekologiýa ýaly pudaklarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan beýleki meseleleriň hatarynda boldy.

Şeýle hem işewürlik gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn üns çekildi. «Case New Holland Industrial» kompaniýasynyň we türkmen telekeçileriniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bilelikdäki forumyň jemlerini jemledi diýlip, çeşmede bellenilýär.

Täzelikler

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: