Elektroenergetika pudagynda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

28-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza geldi. Şol gün Söwda-senagat edarasynda Türkmen-azerbaýjan işewürlik maslahaty geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Söwda-ykdysady, nebitgaz we elektroenergetika ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine aýratyn üns çekildi. 

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň arasynda geçirilen duşuşykda hem türkmen elektrik energiýasyny Azerbaýjana ibermek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň dowamynda ýangyç-energetika pudagynda özara hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn üns berildi. Hususan-da, Azerbaýjana gaz üpjünçiliginiň häzirki ýagdaýy we onuň geljegi boýunça pikir alşyldy. Şunuň bilen birlikde, Azerbaýjana türkmen elektrik energiýasyny ibermegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, türkmen DIM-niň metbugat beýanatynda habar berilýär.

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: