Türkmenistanyň Hökümetiniň mejlisinde «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Kanunyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygy barada hasabat berildi

24-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler, başga-da birnäçe meseleler girizildi.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, hususan-da, energiýa serişdelerini rejeli ulanmaga, türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurt bazarlaryna iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ýurdumyzyň dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, elektrik energetikasy pudagynda döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek we bu ugurda alnyp barylýan işleriň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň degişli Kanunynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän energetika syýasatynyň «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Kanunyň taslamasynda öz beýanyny tapmalydygyny nygtady we wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: