Türkmenistanyň Prezidenti dikuçarda Aşgabatda we Arkadag şäherinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy

14-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy bilen tanyşdy diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň ýanynda senagat-gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow boldy.

Paýtagtymyzda dürli maksatly binalaryň gurluşyklary bilen bir hatarda, şäheriň ýol-ulag düzüminiň desgalarynyň gurluşygyna, olaryň abadanlaşdyrylmagyna hem uly üns berilýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ähli alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dikuçary Arkadag şäheriniň ýokarsynda öwrüm etdi. Häzirki döwürde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň işlerine badalga berildi.

Mälim bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň hojalyk düzümini mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, täze şäheriň çägini giňeltmek boýunça Karar kabul edildi. Döwlet Baştutanymyz resminamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda hemmetaraplaýyn tagalla edilmelidigini belledi we bu babatda wise-premýere degişli düzümler bilen bilelikde iş alyp barmagy tabşyrdy.

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: