Türkmenistanda Hasyl toýy giňden bellenildi

12-nji noýabrda ýurdumyzda türkmen ekerançylarynyň zehinini we zähmetsöýerligini, mähriban topragymyzyň egsilmez sahawatyny alamatlandyrýan Hasyl toýy giňden bellenildi. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy baýramçylyk çäreleriniň esasy ýaýbaňlandyrylan ýeri boldy. Bu ýerde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ösmegine mynasyp goşant goşan öňdebaryjy kärendeçileri, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri we beýleki hünärmenleri hormatladylar diýip, TDH habar berýär.

Obasenagat toplumynyň işgärleriniň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine meşhur atlaryň neslinden bolan, 2020-nji ýylda doglan dor reňkli Diýarym atly ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi.

Dabara baýramçylyk mynasybetli guralan at çapyşyklary bilen dowam etdi. 

Hasyl toýuna gabatlanyp, Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde ýerleşýän Arkadag şäheriniň golaýyndaky 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athananyň açylyş dabarasy geçirildi.

Dabaranyň dowamynda täze topluma hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan awtoulag serişdeleriniň açarlary gowşuryldy.

Täzelikler

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

2026-07-02 / Tender

Owganystan türkmen elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak üçin elektrik geçiriji gurýar

2026-06-30 / Syýasy

Aşgabatda dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen gepleşikler geçirildi

2026-06-15 / Syýasy

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili: TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyny dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-06-01 / Syýasy

AÖB Arkadag şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasyny amala aşyrýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: