Şu ýylyň 10 aýynda Türkmenistanyň Energetika ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi

10-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow gözegçilik edýän pudaklarynda ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň we hyzmatlary amala aşyrmagyň meýilnamasy 114,2 göterime deň boldy. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 103,7 göterime, ony daşary ýurtlara ibermegiň ösüş depgini bolsa 100,8 göterime deň boldy.

Wise-premýere ýurdumyzda energetika halkasynyň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygyny depginli alyp barmak, gurluşyk, energetika we senagat pudaklaryna maýa goýumlary çekmegi dowam etdirmek tabşyryldy.

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: