«Turkmentel-2023-e» dünýäniň aragatnaşyk kompaniýalary gatnaşarlar

9-10-njy noýabrda Aşgabatda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler, oňa ýigrimä golaý ugurdaş daşary ýurt kompaniýalarynyň we guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklaryna garaşylýar.

Gatnaşyjylaryň hatarynda milli we sebit bazarlarynyň öňdebaryjylary: «Huawei» we «Hytera» hytaý kompaniýalary, Türkiýäniň «MiaTeknoloji» we «PTT» kompaniýalary, «DHL» we «Motorola Solutions» amerikan kompaniýalary, Gyrgyzystanyň «Kyrgyzpoçtasy» we «Kyrgyztelekom», Russiýanyň «Rostelekom» we «MTT», Azerbaýjanyň «Delta Telecom» we «AzerTelecom», Finlýandiýanyň «Nokia», Fransiýanyň «Eutelsat», Ýaponiýanyň «NEC» we «Trend Micro», Gazagystanyň «Kazahtelekom» kompaniýalary, şeýle hem GSMA Mobil aragatnaşyk operatorlarynyň halkara assosiasiýasy bar.

Sergä gatnaşyjylar öz gazananlaryny, şeýle hem türkmen ykdysadyýetinde ulanylyp bilinjek telekommunikasiýa we maglumat alyş-çalşygy pudagynda açylýan mümkinçilikleri görkezerler.

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: