Aşgabatda nobatdaky «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumy geçirildi

1-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumy geçirildi. Forumyň gün tertibine syýasy-diplomatik ugur boýunça, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamda alty ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy girizildi diýip, TDH habar berýär.
Bu foruma Türkmenistanyň başlyklyk etmegi şu ýylyň möhüm ähmiýetli wakasydyr.
Ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň altytaraplaýyn formatyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki dialogda senagatda, maýa goýumlarda, tehnologiýalarda, telekommunikasiýalarda netijeli hyzmatdaşlyga möhüm orun berilmelidir. Bu ulgamda Koreýa Respublikasy uly tejribe toplady. Öz nobatynda, Merkezi Aziýa ýurtlary ägirt uly serişde mümkinçilikleri, çäk taýdan amatly ýerleşmegi, ýaş, durmuşa uýgunlaşmaga ukyply ilaty bilen Koreýa Respublikasy üçin geljegi uly hyzmatdaş bolup durýar.
Ulag we logistika, saglygy goraýyş, lukmançylyk, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, bilim we ylym, syýahatçylyk boýunça geçirilen kiçi mejlisleriň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň bu ugurlarda netijeli gatnaşyklary giňeltmek mümkinçiliklerine garaldy, anyk teklipler öňe sürüldi.
16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň ýaş telekeçileriniň işewürlik forumy geçirildi.
«Ýyldyz» myhmanhanasynyň eýwanynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň gazananlarynyň sergisi guraldy.
 

Täzelikler

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: