Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň Ýaragly Güýçleriniň ähli goşunlarynyň bilelikdäki harby okuw türgenleşigini gözden geçirdi

21-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow «Kelete» okuw-türgenleşik merkezine bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň bilelikdäki harby okuw türgenleşigi geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Ähli bölümleriň şahsy düzümleri öňde goýlan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirdiler. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby gullukçylaryň Watana wepaly gulluk etmegiň nusgasyny görkezip, goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinany üstünlikli durmuşa geçirmekde mundan beýläk-de bilimlerini, ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynam bildirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow okuw-türgenleşik merkeziniň ýörite meýdançasynda görkezilen söweşjeň tehnikalaryň dürli görnüşlerini synlady. 
 

Täzelikler

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

2026-07-02 / Tender

Owganystan türkmen elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak üçin elektrik geçiriji gurýar

2026-06-30 / Syýasy

Aşgabatda dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen gepleşikler geçirildi

2026-06-15 / Syýasy

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili: TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyny dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-06-01 / Syýasy

AÖB Arkadag şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasyny amala aşyrýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: