Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirildi

22-nji sentýabrda  hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Hökümetiň giňişleýin mejlisini geçirdi. 

Mejlisiň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş kesilen 1180 raýatyň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda günä geçmek çäresi däp boýunça möhüm milli we döwlet baýramçylyklarynyň öňüsyrasynda geçirilýär. Bu gezek iş kesilenleriň günäsini geçmek çäresi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli geçirilýär.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1 müň 301 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permana hem-de 265 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakynda Karara gol çekdi.

Täzelikler

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: